Hytaýyň Daşary işler ministrligi HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň hem-de Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gatnaşmagynda ilkinji üçtaraplaýyn duşuşygyň geçiriljekdigini tassyklady. Gepleşikler penşenbe güni Hytaýyň günortasyndaky tehnologiýa merkezi bolan Şençžen şäherinde, Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy (APEC) sammitiniň çäklerinde guralar.
Pekin resmileriniň bellemegine görä, taraplar düýpli ähmiýete eýe bolan temalary, şol sanda dünýä parahatçylygyny gorap saklamak meselesini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle-de bolsa, Hytaý tarapy duşuşygyň anyk gün tertibini aýan etmekden saklandy.
Muňa garamazdan, köp synçylar dünýäniň iň iri üç ýadro döwletiniň baştutanlarynyň ýadro ýaragsyzlanmagy baradaky meseläni gozgajakdygyna umyt bildirýärler. Şeýle derejedäki gepleşikleriň Şençžende geçirilmegi Si Szinpiniň halkara giňişligindäki esasy araçy hökmündäki ornuny has-da berkidýär.